Türkmenler. Esse. 5-nji tom.
- 392 strony
- 14 godzin czytania
Türkmenistanyň tutýan meýdany Angliýadan iki esse ýa-da Gresiýa, Portugaliýa, Awstriýa, Daniýa, Şweýsariýa, Belgiýa we Albaniýa döwletleriniň ählisiniň bilelikde tutýan meýdanyndan hem uludyr. Türkmenistanyň territoriýasynyň 80%-den gowragyny ýa-da 40 mln. ga golaý ýerini çägeli çöllük, galan bölegini baýyrlykdyr daglar, derýalar, köller, ekerançylyk meýdanlary tutýar. Türkmenistanyň territoriýasynyň iň belent nokady Köýtendagdaky Aýrybaba (3139 m) hasaplanýar, iň pes ýeri Üňüz aňrysyndaky Garagumuň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Akjagaýa çöketligidir. Ol deňiz derejesinden 81 m aşakda ýerleşýär. Türkmenistan özüniň geografik ýagdaýyna görä, Günden örän köp ýylylyk alýar. Bu yerde gowaça, aýratyn-da onuň inçe süýümli sortlary, örän süýji gawundyr garpyz, üzüm we başgalar ekilýär.

